Çawuşogly: "Türkler we ermeniler meseläni bilelikde çözmeli"

İş sapary bilen ABŞ-da bolýan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Waşingtonda geçirilen “Durnuksyz Ýakyn Gündogarda Türkiýäniň eýeleýän pozisiýasy” temaly maslahatda çykyş etdi

243788
Çawuşogly: "Türkler we ermeniler meseläni bilelikde çözmeli"

Türkiýäniň 40 müňe golaý ermeni raýatynyň bardygyny ýatladan Çawuşogly, olaryň ählisiniň raýatlyk hukuklaryndan doly peýdalanýandyklaryny aýtdy.
Türkiýe bilen Ermenistanyň gatnaşyklarynyň kadalaşyş tapgyryna ünsi çeken Çawuşogly, bu ugurda 2009-njy ýyldan bäri edilýän tagallalary nygtady.
Mewlüt Çawuşogly ermenileriň we ermeni diasporasynyň dünýäniň jemgyýetçiligini 1915-nji ýyldaky wakalar mesemesinde täsiri astyna almaga gönügendigini aýtdy.
“Biz gatnaşyklaryň kadalaşyş etabynda batyrgaý başlangyçlary durmuşa geçirdik. Ermenistanyň we ermeni dostlarymyzyň hem gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň möhümdigine düşünjekdigini tama edýärin” diýen Çawuşogly Türkiýäniň tagallalardan ýüz öwürmejekdigini we degişli tagallalary durmuşa geçirjekdigini aýtdy.
Çawuşogly Türkiýede ähli dini azlyklara emläkleriň yzyna gaýtarylyp berilmegi ýaly hukuklaryň dikeldilendigine we ybadathanalaryň abatlanandygyna ünsi çekdi.
Ýewropa Parlamentiniň 1915-nji ýyldaky wakalar baradaky kararynyň kanuny taýdan güýjüniň ýokdugyny aýdan ministr Çawuşogly, syýasatlaryň şeýle kararlary kabul etmeli däldigini ýene-de bir gezek nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar