Türkiýe Erbil şäherinde guralan bombaly hüjümi ýazgardy
Türkiýe terrorçylyga garşy göreşde doganlyk ýurt Yragyň halkyna goldaw bermäge dowam eder
240395
Daşary işler ministligi Yragyň Erbil şäherinde guralan bombaly hüjümi ýazgardy.
Beýanatda ilkinji kesgitlemelere görä hüjümde 2 türkiň hem ýogalandygy we ýogalan türkleriň şahsyýetleriniň anyklanmagy işleriniň dowam edýändigi nygtaldy.
Beýanatda mundan başgada “Yragyň we Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň durnuklylygyny we asudalyny nyşana alan şuňa meňzeş terrorçylykly hüjümleri ýazgarýarys, hüjümde ýogalanlara Alladan rehmet, hossarlaryna sabyr we ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Türkiýe terrorçylyga garşy göreşde doganlyk ýurt Yragyň halkyna goldaw bermäge dowam eder”diýildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Moskwa Bardy
Numan Kurtulmuşyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.