Çiçek Ýewropa Parlamentiniň başlygy Şulzy kabul etdi

Çiçek bilen Şulz Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby we 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar barda pikir alyşdy

231880
Çiçek Ýewropa Parlamentiniň başlygy Şulzy kabul etdi

Mejlisiň Başlygy Jemil Çiçek resmi sapar bilen Türkiýä gelen Ýewropa Parlamentiniň başlygy Martin Şulzy kabul etdi.
Çiçek bilen Şulz Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby we 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar barda pikir alyşdy.
Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby barada durup geçen Çiçek etabyň ýene-de näçe wagt dowam etjekdigini bilmelidiklerini belledi.
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Jemil Çiçek Ýewropa Parlamentiniň başlygy Şulzdan Türkiýäniň ÝB-ne agzalygy meselesinde tagalla etmegini isledi.
Jemil Çiçek 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar barada Ermeniler tarapyndan öňe sürülýän toslama garaýyşlaryny hem gün tertibine getirdi.
Çiçek Türkiýäniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalaryň taryhçylar tarapyndan ähli taraplaýyn barlanmagyny isleýändigini nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar