Prezident Erdogan resmi sapar bilen Eýrana gitdi

Resmi sapary Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň gowşamagy üçin pursat hökmünde görülýär

228693
Prezident Erdogan resmi sapar bilen Eýrana gitdi

Prezident Erdoganyň günübirlik resmi sapary Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň gowşamagy üçin pursat hökmünde görülýär.
Eýran bilen Türkiýäniň arasynda wagtal-wagtal syýasy meselelerde käbir düşnüşmezlikleriň başdan geçirilýändigine garamazdan iki ýurduň arasyndaky dialog dowam edýär.
İki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar syýasy gatnaşyklaryň dartgynlaşmagynyň öňüni alýar.
Gatnaşyklaryň özenini ykdysady hyzmatdaşlyk emele getirýär.
Türkiýe Eýrana ýylda 4 milliard dolarlyk önüm eksport edýär.
Eýrandan Türkiýä edilýän eksportuň mukdary bolsa 10 milliard dollara golaý.
Eýrana goýlan embargolar bes edilen halatynda söwda gatnaşyklary has-da pugtalanar.
Prezident Erdogana saparynyň çäginde käbir ministrler ýoldaşlyk edýär.
Tähranda Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ikinji maslahatyna gatnaşjak Prezident Erdogan, kärdeşi Hasan Ruhany bilen duşuşar.
Sebitara we halkara meseleleriň seljerilmegine garaşylýan saparyň çäginde Prezident Erdogan Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý bilen hem duşuşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar