Erdoganyň Sloweniýa saparynyň ileri tutulýan ugry ÝB-ne agzalyk gepleşikleri

R.T.Erdogan Prezidentlige saýlanandan soň Sloweniýa guraýan ilkinji saparynda kärdeşi Borut Pahor tarapyndan garşylandy

288736
Erdoganyň Sloweniýa saparynyň ileri tutulýan ugry ÝB-ne agzalyk gepleşikleri

Bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş eden Pahor Sloweniýanyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna güýçli goldaw berýändigini aýtdy.
Erdogan bolsa metbugat ýygnagynda terrorçylyga garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Terrorçylygyň halkara meselelerden biridigini nygtan Prezident Erdogan, serhet howpsyzlygy barasynda “Bize sanawlary ugradyň. Eger şeýle bolman halatynda biz gelen her syýahatçyny yzyna ugratmaly bolarys” diýdi.
Türkiýä gelmegi gadagan edilen 12500 adamlyk sanawyň bardygyny aýdan Erdogan, saklanyp ýurtlaryna ugradylanlaryň sanynyň 1250-ä golaýdygyny mälim etdi.
Terror guramasy DAİŞ-e “Yslam döwleti” diýmekligiň yslam dinine äsgermezçilikdigini nygtan Erdogan DAİŞ-i terror guramasy hökmünde ykrar edýändiklerini aýtdy.
Erdogan terror guramasynyň adynyň ýanyna döwlet sözüniň goýlup bilinmejekdigini ýatlatdy.
Soň Sloweniýanyň Premýer ministri Miro Keraryň öz hozmatyna beren resmi naharyna gatnaşan Prezident R.T.Erdogan, kärdeşi Borut Pahor bilen Türkiýe-Sloweniýa İşewürler Maslahatyna gatnaşdy.
Erdogan maslahatda sözlän sözünde “Biz Sloweniýany serhedimiz bolmasa hem goňşymyz hökmünde görýäris. Hyzmatdaşlygymyzyň özara bähbitlere laýyklykda ösmegini we täze ugurlarda ýaýbaňlanmagyny ýola goýalyň” diýdi.
Pahor hem strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekişendiklerini nygtap “Türkiýe Sloweniýany ÝB-de hyzmatdaşlyk hökmünde kabul edýär. Biz hem musulman dünýäsinde hyzmatdaşlyk gözleýärdik we tapdyk. Ol hem Türkiýe” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar