Italiýa Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna goldaw berýär

Wolkan Bozkyr Italiýada saparda bolýar

281954
 Italiýa Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna goldaw berýär

ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Wolkan Bozkyr Italiýanyň paýtagty Rimde saparda bolýar.
Wolkan Bozkyr resmi saparynyň birinji gününde Italian parlamentiniň aşakky ganady Wekiller Mejlisiniň Ýewropa syýasatlary komissiýasynyň başlygy Mikele Bordo we ÝB işlerinden jogapkär döwlet sekretary Sandro Gozi bilen duşuşdy.
Ministr Bozkyryň geçiren gepleşiklerinde Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby, täze barlag seljeriş ugurlarynyň açylmagy we Kipr ýaly meseleler seljerildi.
Italian parlamentiniň aşakky ganady Wekiller Mejlisiniň Ýewropa syýasatlary komissiýasynyň başlygy Mikele Bordo ýurdunyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna goldaw berýändigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar