"Türkiýe Yraga hemişe goldaw berdi"

"Yrak Türkiýeden häzire çenli hiç hili erbetlik görmedi, tersine bize hemişe goldaw berdi"

263303
"Türkiýe Yraga hemişe goldaw berdi"

Yragyň Wise-prezidenti Osame Al Nujeýfi Türkiýäniň hemişe Yraga goldaw berendigini aýtdy.
Wise-prezident Nujeýfi Mosulyň yzyna alynmagy üçin başga sebitlerden geljek harby toparlara däl eýsem ýaraga mätäçlikleriniň bardygyny aýtdy.
Nujeýfi Mosul operasiýasyna gatnaşjak 3 müň adamlyk howpsyzlyk güýjüniň taýardygyny we 6 müň adama hem harby taýdan tälim beriljekdigini belledi.
Nujeýfi şol güýçleriň Mosuldaky türkmen, arap, kürt, hristian we beýleki etniki we dini toparlardan ybaratdygyny ýatlatdy.
Osame Al Nujeýfi Mosulyň halkynyň ýerine beýleki sebitlerden meýletin halk güýçleriniň gelmegini islemeýändiklerini nygtady.
Nujeýfi Türkiýäniň Yragyň howpsyzlyk güýçlerine goldaw bermäge dowam edýändigini ýatlatdy.
Nujeýfi “Türkiýe Yraga hemişe goldaw berdi. Yrak Türkiýeden häzire çenli hiç hili erbetlik görmedi, tersine bize hemişe goldaw berdi we goldaw bermäge dowam edýär” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar