Dawutogly BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy

Dawutogly Şah Fyrat operasiýasy barada BMG-na maglumat berlendigini ýatlatdy

250534
Dawutogly BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Nýu Ýorka goraýan saparynyň çäginde BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy.
Premýer ministr Dawutogly duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.
Halkara jemgyýetçiliginiň açyk Siriýa strategiýasynyň ýokdygyny aýdan Premýer ministr “İzigiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tutanýerli tutum alnyp barylmaly, Siriýanyň hökümetiniň taktiki manýowrlaryna boýun egmeli däl” diýip belledi.
Premýer ministr Dawutogly Şah Fyrat operasiýasy barada BMG-na maglumat berlendigini ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar