Premýer ministr Dawutogly şu gün agşam Lissabona gider

Ahmet Dawutogly ol ýerde Türkiýe-Portugaliýa Hökümetara maslahatynyň birinji mejlisine gatnaşar

244071
Premýer ministr Dawutogly şu gün agşam Lissabona gider

Dawutogly saparynyň dowamynda kärdeşi Passos Joelho bilen duşuşar, Prezident Anibal Kawako Silwa tarapyndan kabul ediler.
Premýer ministr Dawutogly Portugaliýanyň ozalky Prezidenti we Türkiýäniň İspaniýa bilen egindeş ýolbaşçylyk edýän Medeniýetleriň jebisligi forumynyň ilkinji ýokary derejeli wekili Žorže Sampaio bilen duşuşar.
Premýer ministr Dawutogly Portugaliýadaky saparyny tamamlandan soň mart aýynyň 4-7-si aralygynda ABŞ-na iş saparyny gurar.
Premýer ministr Nýu-Ýorkda BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşar.
Duşuşykda sebitleýin we global meseleler bilen birlikde 2016-njy ýylda Türkiýede geçiriljek Bütindünýä gumanitar maslahaty barada pikir alyşar.
Premýer ministr Dawutogly BMG-da Jynsy deňlik we aýallaryň güýçlendirilmegi temaly ýokary derejeli maslahatda çykyş eder.
Premýer ministr Daşary gatnaşyklar geňeşiniň ýyllyk konstruktiw maslahatynda-da hormatly myhman hökmünde çykyş eder.
Dawutoglynyň Nýu-Ýorkda Türk-Amerikan jemgyýetiniň wekilleri bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar