Kopengagende guralan hüjüm ýazgaryldy

Kopengagende hepdäniň ahyrynda kafe we sinagoga guralan 2 adamyň ýogalmagyna we 5 howpsyzlyk işgäriniň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjüm berk ýazgaryldy

219868
Kopengagende guralan hüjüm ýazgaryldy

Türkiýe Kopengagende guralan hüjümi ýazgardy.
Daşary işler ministrligi Daniýanyň paýtagty Kopengagende hepdäniň ahyrynda kafe we sinagoga guralan 2 adamyň ýogalmagyna we 5 howpsyzlyk işgäriniň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümi berk ýazgardy.
Beýanatda “Hüjümler terroryň dininiň, milletiniň we wekilçilik edýän haýsydyr bir gymmatlygynyň ýokdygyny ýene-de bir gezek subut edendir. Hüjümler sebäpli Daniýanyň halkyna gynanç bildirýäris, hüjümde ýogalanlaryoň hossarlaryna sabyr, ýaralananlara hem gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar