Türkiýe Merkezi Amerika we Karaipler bilen gatnaşyklaryny ösdürer

Prezident R.T.Erdogan Günorta Amerika ýurtlaryndan Kolumbiýa, Kuba we Meksika sapara gitmezinden ozal Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde žurnalistleriň soraglaryna jopgap berdi

214525
Türkiýe Merkezi Amerika we Karaipler bilen gatnaşyklaryny ösdürer

“Latyn Amerika Başlangyjy Strategiýasynyň” indi kämilleşendigini nygtan Erdogan “Merkezi Amerika we Karaipler sebitlerine aýratyn üns beriler” diýdi.
Saparyň dowamynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler, Meksika we Kolumbiýa bilen dowam edýän erkin söwda şertnamasy baradaky gepleşikleriň depgininiň güýçlendirilmegi, Türk howaýollarynyň sebite gönüden saparlara başlamagy barada dowam edýän gepleşikler seljeriler.
Sebitde türk medeniýetine we seriallaryna bolan gyzyklanmanyň günsaýyn artýandygyny görýändiklerini aýdan Erdogan “Saparymyň çäginde gymmatlyklarymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi tanadýan seriallaryň ispan diline terjime edilmegi üçin käbir başlangyçlary ederis” diýdi.
Meksikada TİKA-nyň Amerika kontinentindäki ilkinji utgaşyklk ofisi açylar.
Erdogan metbugat ýygnagyndan soň Kolumbiýa gitdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar