Prezident Erdogan İordan Şasyna gynanç bildirdi

Erdogan öldürlen iordaniýaly uçarman üçin İordan Şasy Abdullaha gynanç bildirdi

212642
 Prezident Erdogan İordan Şasyna gynanç bildirdi

Prezident R. T. Erdogan YSYS terror guramasy tarapyndan zamun alnandan soň ýakylyp öldürlen iordaniýaly uçarman üçin İordan Şasy Abdullaha telefon edip gynanç bildirdi.
Mesele barasynda berlen beýanata görä, Prezident Erdogan Şa Abdullah bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde waka sebäpli uçarmanyň maşgalasy bilen birlikde iordan halkyna duýgudaşlyk bildirýändigini aýtdy.
Wakany berk ýazgarýandyklaryny aýdan Prezident Erdogan terrorçylyga garşy tutanýerli tutumyň alnyp barylmalydygyny belledi.
İordan Şasy Abdullah hem sebitde ýerleşýän ýurtlaryň terrorçylyga garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň möhümdigini nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar