Prezident Erdogana "Asyryň döwlet adamy" nyşany gowşurlar

Siganlar tarapyndan Prezident Erdogana “Asyryň döwlet adamy” nyşany berler

209055
Prezident Erdogana "Asyryň döwlet adamy" nyşany gowşurlar

Türkiýe Siganlar konfederassiýasy tarapyndan Prezident Erdogana “Asyryň döwlet adamy” nyşany berler.
Prezident R. T. Erdogan anna güni, Bursa welaýatyna gurajak iş saparynyň çäginde Türkiýäniň 81 welaýatyndan geljek siganlaryň wekilleri bilen duşuşar.
Türkiýe Siganlar konfederassiýasynyň Başlygy Ahmet Gökýaşaryň Anadoly Habarlar gullugyna beren beýanatyna görä, Türkiýäniň çar tarapyndan geljek siganlaryň gatnaşmagynda geçiriljek dabarada Prezident Erdogana “Asyryň döwlet adamy” nyşany gowşurlar.
İlkinji gezek beriljek baýragyň mundan soň yzygiderli ýagdaýda beriljekdigini aýdan Gökýaşar , Prezident Erdogany dünýä lideri hökmünde görýändiklerini aýtdy.
Prezident Erdogan 2010-njy ýylyň 14-nji martynda Stambulda geçirlen Syganlaryň duşuşygyna gatnaşypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar