Täze Prezident köşgüniň gapylary ilkinji gezek TRT üçin açyldy

Prezident Erdogan TRT-ä beýanat berdi

202305
Täze Prezident köşgüniň gapylary ilkinji gezek TRT üçin açyldy

Täze Prezident köşgüniň gapylary ilkinji gezek telewideniýe kanaly üçin açyldy we şol kanal TRT boldy.
Prezident R. T. Erdogan TRT-de ýaýlyma berlen ýörite gepleşikde Türkiýäniň daşary syýasaty barada maglumat berdi.
Ermeni garaýyşlary barada durup geçen Prezident Erdogan “Biz kimdir biriniň islegi sebäpli toslama ermeni genosidini kabul etmäge mejbur däl”diýip belledi.
Prezident Erdogan “Bu meselede içgin bolsaňyz geliň arhiwlerimizi açalyň we taryhçylar meseläni seljersin” diýip çagyryş berdi.
Prezident Erdogan Gresiýada geçirlen saýlawyň netijeleri baradaky soraglara hem jogap berdi.
Syrizanyň ýakyndan tanalýan partiýa bolmandygyny aýdan Erdogan “Saýlaw meýdanlarynda beren ýüzlenmeleri bilen Gresiýanyň halky tarapyndan synap göreliň diýlen ýaş, işjeň partiýa. Aleksis bu pursatdan ýerlikli peýdalanmaly” diýdi.
Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby barada hem durup geçen Prezident Erdogan, ÝB-niň içgin çemeleşmeýändigini nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar