Türk firmasynyň Polşadaky üstünligi

Türkiýäniň ykdysadyýet ministry Nihat Zeýbekji: Dünýäniň her ýerinde bolşy ýaly Polşanyň gurluşyk meýdanlaryndaky türk baýdaklarynyň hem, İlçihanalardaky ýaly mukaddesdigini nygtady

201397
Türk firmasynyň Polşadaky üstünligi

Ykdysadyýet ministry Zeýbekji Polşanyň paýtagty Warşawada türk inžinerleri tarapyndan gurulan metronyň 2-nji ýoly bilen tanyş boldy.
Zeýbekji: metro ýoly, Polşanyň hökümetiniň iň uly maýa goýumydygyny we şol ýoluň türk firmalarynyň biri tarapyndan gurulandygyny aýtdy.
Warşawadaky birinji metro ýoly 20 ýylda tamamlanypdy, ikinji ýol bolsa 45 inžiner tarapyndan 5 ýylyň dowamynda gurulyp gutaryldy.
Gymmaty 1 milliard ýewro barabar bolan 7 km uzynlygyndaky metro ýoly, şäheriň ortasyndan geçýän derýanyň aşagyndan çekildi. Gurluşykda 4 müň 5 ýüz adam işledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar