Erdogan Somalide saparda boldy

Türkiýe Somala goldaw bermäge dowam eder

197120
Erdogan  Somalide saparda boldy

Prezident R. T. Erdogan Afrika ýurtlaryna guraýan saparynyň soňky duralgasy bolan Somalide saparda boldy.
Erdogan Mogadişunyň howa menzilinde Somaliniň Prezidenti Hasan Şyh Mahmud tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.
Garşylama dabarasyndan soň Prezident Erdogan türk firmasy tarapyndan gurlan Mogadişu howa menziliniň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkiýäniň goldaw bermeginde gurlan Somali-Türkiýe ylmy barlag keselhanasy hem dabaraly ýagdaýda açyldy.
Somaliniň Prezidenti Hasan Şyh Mahmud bilen duşuşan Erdogan Türkiýäniň Somala goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.
Saparyň çäginde Türkiýe bilen Somaliniň arasynda deňiz, transport, aragatnaşyk, senagat, sport we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegi bilen baglanşykly şertnama baglaşyldy.
Prezident Erdogana Somaliniň döwlet nyşany ordeni gowşuryldy.
Prezident Erdogan Somala guran saparyny tamamlap Türkiýä gaýdyp geldi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar