Erdoganyň Efiopiýa sapary

Prezident Erdogan Afrika ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Efiopiýada boldy

194873
Erdoganyň Efiopiýa sapary

Prezident Erdogan ilki Efiopiýanyň prezidenti Mulatu Wirtu, soň bolsa Efiopiýanyň Premýer ministri Haýlamarem De Salem bilen duşuşdy.
Toparara duşuşyklardan soň hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişildi.
Soň bolsa bilelikde metbugat ýygnagy geçirildi.
Prezident Erdogan döwlet ulgamyna garşy parallel strukturanyň daşary ýurtlardaky mekdepleriniň ýapylmalydyny kärdeşlerine gürrüň berendiklerini, bilim pudagy bilen bagly işleriň bilim ministrligi arkaly durmuşa geçirilip bilinj ekdigini aýdandyklaryny nygtady.
Efiopiýanyň Premýer ministri Haýlamarem De Salem bolsa “Parallel struktura ýol bermezden, gönüden hökümet bilen işleşjek syýasatymyz aç-açan. Ediljek başlangyçlar üçin türk hökümetiniň razyçylygyna garaşýarys. Türk hökümetiniň ýol görkezmeginde işleşmäge dowam ederis” diýdi.
Prezident Erdogan soň bolsa Türkiýe- Efiopia İşewürler maslahatyna gatnaşdy.
Maslahatda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň artdyrylmalydygyna ünsi çeken Prezident “Gysga möhletde 500 million dollara ýetirilmeli diýip pikir edýärin” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar