Premýer ministr Dawutogly Londonda…

Premýer ministriň Londona guraýan saparynda syýasat bilen birlikde ykdysadyýet ugry hem ileri tutulýar

191435
Premýer ministr Dawutogly Londonda…

Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron bilen duşuşjak Dawutogly Stambul we London biržasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasynyň gol çekişlik darabasyna gatnaşdy.
Türkiýedäki ykdsyady öwrülşik etaby barada gürrüň beren Dawutogly Stambulyň we Londonyň ykdysadyýetleriniň hyzmatdaşlygyndan Ýewropa we dünýä ýurtlarynyň peýdalanjakdygyny aýtdy.
Premýer ministr Dawutogly Birža Stambul we Türk eksportçylar bileleşigi tarapyndan “Stambul Finans” başlangyjynyň hyzmatdaşlygynda geçirilen “Stambul: Sebitleýin merkez, global aktýor” forumda çykyş etdi.
Dawutogly çykyşynda Stambulyň taryhy ykdysady güýji bilen Londonyn döwrebap gurluşygynyň jebisleşmeginiň iki ýurdun ykdysadyýetine goşant goşmak bilen birlikde, Ýewropanyň we dünýäniň ykdysadyýetini hem güýçlendirjekdigini nygtady.
Hökümetiň durmuşa geçirýän ykdysady özgertmeleri barada gürrün beren Dawutogly Türkiýede ykdysady gurluşyň özgerendigini, täze strukturada tehnologiýadan giňden peýdalanyljakdygyny aýtdy.
Türkiýäniň 3 göterim ösüş edendigini aýdan Premýer ministr onuň hasam artjakdygyna ünsi çekdi.
Premýer ministr Londondaky saparynyň çäginde Premýer ministr Dewid Kameron bilen duşuşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar