Mewlüt Çawuşogly Kuweýde bardy

Daşary işler ministr resmi sapar bilen Kuweýde gitdi

188309
Mewlüt Çawuşogly Kuweýde bardy

Düýn agşam Kuweýde baran Çawuşogly Türkiýäniň Kuweýtdäki Baş ilçisi Salih Murat Tamer, Kuweýdiň daşary işler ministrliginiň Ýewropa sebiti boýunça müdiri Welid Al Hubazi we Kuweýdiň Türkiýedäki Baş ilçisi Abdulaziz ad-Duweýk tarapyndan garşylandy.
Çawuşogly saparynyň çäginde Kuweýdiň emiri Şeýh Sabah al-Jabir as-Sabah tarapyndan kabul ediler.
Kuweýdiň Premýer ministri Mubarek Jabir as-Sabah bilen duşuşjak Mewlüt Çawuşogly soň bolsa Mejlisiň Başlygy Merzuk Ali al-Ganim bilen görüşer.
Ministr Çawuşogly Kuweýdiň daşary işler ministri Sabah Halid as-Sabah bilen geçirjek toparara gepleşiklerinden soň bilelikde metbugat ýygnagyna gatnaşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar