Täze ýyl sowuk we gar bilen bile gelýär

Türkiýe ertirden başlap Balkanlaryň üsti bilen geljek sowuk howa akymynyň täsiri astyna girer

163753
Täze ýyl sowuk we gar bilen bile gelýär

Marmara sebitinde howanyň ýylylygynyň 10-14 gradus aşaklamagyna garaşylýar.
Meterologiýa baş müdirliginiň berýän maglumatyna görä sowuk howa şu gün agşam täsirini görkezmäge başlar.
Günbatar etraplarynyň Merkezi Ortaýer deňziniň üsti bilen gelýän ygally howa bilen Balkanlaryň üsti bilen gelýän sowuk howanyň täsiri astynda galjakdygy çak edilýär.
Howanyň sowamagy ýagyşy gara öwürer. Marmara sebitinin esasy böleginde ertir suwly garyň ýagmagyna garaşylýar. Ýylyň soňky gününde gar ýagmaga başlar.
Stambulda ertirden başlap 3 günüň dowamynda garly ýagyşyň ýagmagyna garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar