Erdogan: "Dünýä bäşden uly"

Prezident R.T.Erdogan BMG-ny tankyt etdi

207575
Erdogan: "Dünýä bäşden uly"

Stambulda Yslam konferensiýasy guramasynyň Ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy boýunça hemişelik geňeşiniň (İSEDAK) açylyş dabarasynda çykyş eden Erdogan BMG-de düýpli özgertmäniň edilmelidigini baradaky garaýyşyny ýene-de bir gezek beýan etdi.
Erdogan “Gynansagam dünýä bäşe mejbur, dünýä şol mejburlykdan halas edilmeli” diýdi.
BMG-nyň dünýäniň dürli künjeklerinde başdan geçirilýän meseleleri çözüp bilmeýändigini nygtan Erdogan “Häzirki wagta çenli BMG başdan geçirilenlere çözgüt tapdymy? BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşine serediň, gurluşy adalatmy? Biriniň garşy durmagy ähli işi bökdemek üçin ýeterlik” diýdi.
BMG-nyň weto hukugyna eýe bolan 5 agzasynyň arasynda ýekeje musulman ýurduň ýokdugyna ünsi çeken Erdogan “Adalady bolmadyk gurama dünýäni gowulyga gönükdirip bilermi? Wagtlaýyn agzalaryň hiç hili täsirleri ýok. olardan adalada garaşmaň” diýdi.
“BMG-nyň Baş Assambleýasynda-da aýtdym. Dünýä bäşden uly. Emma gynansagam dünýä bäşe mejbur” diýen Prezident Erdogan, “Dünýä şol mejburlykdan halas edilmeli. Sözüň doly manysynda özgertme edilmeli” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar