ABŞ-nyň Wise-prezidenti Baýden Türkiýä geler

Baýdeniň gün tertibinde YSYS terror guramasyna garşy göreş bilen sebitara meseleler bar

195321
ABŞ-nyň Wise-prezidenti  Baýden Türkiýä geler

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýden Türkiýä geler.
Jo Baýden Marokko we Ukraina gurajak saparyndan soň 21-nji noýabrda Türkiýä geler.
ABŞ-nyň Wise-prezidentiniň gün tertibinde YSYS terror guramasyna garşy göreş bilen sebitara meseleler esasy orun eleýär.
Saparynyň çäginde 21-nji noýabrda Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen iş naharynda duşuşjak Baýden, 22-nji noýabrda hem Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul ediler.
Baýdeniň Erdogan we Dawutogly bilen boljak duşuşyklarynda iki ýurduň Yrakda we Siriýada YSYS terror guramasyna garşy hyzmatdaşlygy, Türkiýä serhetdeş ýurtda başdan geçirilýän adamzat pajygasy, Kiprde ylalaşygyň ýola goýulmagy ýaly meseleler bilen sebitlara meseler gün tertibine getirler.
Stambulda geçiriljek Energetika we Ykdysadyýet maslahatynda hem çykyş etjek Baýden 115 jemgyýetiçilik guramasynyň wekilleri bilen duşuşar

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar