Erdogan ýezidileri kabul etdi
Prezident Erdogan “Açyk gapylar syýasatymyzy dowam etdirýäris” diýdi
190943
Prezident R. T. Erdogan Yrakda YSYS terror guramasynyň zulumyndan gaçyp Türkiýä gelen ýezidileriň adyndan 15 adamlyk topary kabul etdi.
Ýezidiler kabul edilşikde Türkiýä gelen Siriýalylara berlen saglyk, bilim we sosial hyzmatlardan peýdalanmak isleýändiklerini aýtdylar.
Prezident Erdogan “Açyk gapylar syýasatymyzy dowam etdirýäris” diýdi.
Prezident R. T. Erdogan “Siriýada we Yrakda başdan geçirilýän wakalar sebäpli ýurtlaryny terk etmäge mejbur bolan goňşylarymyz üçin açyk gapylar syýasatyny dowam etdirýäris” diýdi.