Mewlüt Çawuşogly Ukraina bardy

Çawuşogly Krym tatarlarynyň lideri Abduljemil Krymogly bilen duşuşdy

186859
Mewlüt Çawuşogly Ukraina bardy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky umumy strategik meýilleşdiriş toparynyň 3-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Ukraina gitdi.
Daşary işler ministri Çawuşogly iş saparynyň çäginde paýtagt Kiewde Ahyska ýagny mesheti türkleriniň “Watan” jemgyýetiniň başlygy Marat Rasulow we Krym tatarlarynyň lideri Abduljemil Krymogly bilen duşuşdy.
Mewlüt Çawuşogly Ukrainaly kärdeşi Pawlo Klimkin bilen duşyşar we Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky umumy strategik meýilleşdiriş toparynyň 3-nji maslahatyna gatnaşar.
İki kärdeş soň bolsa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat berer.
Daşary işler ministri Çawuşgoly Antonow adyndaky uçar zawodyna baryp görer we Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Ukraina boýunça ýörite wekili Ertugrul Apakan bilen duşuşar.
Daşary işler ministri Çawuşgolynyň Ukrainanyň Prezidenti Poroşenko tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar