Çawuşogly Ukraina gider

Çawuşogly Strategik meýilleşdiriş toparynyň 3-nji maslahatyna gatnaşar

185389
Çawuşogly Ukraina gider

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň aşakky organy bolan Strategik meýilleşdiriş toparynyň 3-nji maslahatyna gatnaşmak üçin 10-njy noýabrda Ukraina gider.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda Çawuşogly bilen Ukrainaly kärdeşi Paýlo Klimkiniň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek maslahatda Ukraina bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň seljeriljekdigi nygtaldy.
Maslahatda täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň, Krym tatarlarynyň ýagdaýy bilen Ukrainanyň gündogarynda soňky günlerde başdan geçirilýän wakalaryň başda durmagynda sebitara we halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýandygy ýatladyldy.
Beýanatda ministr Çawuşoglynyň saparynyň çäginde Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko tarapyndan kabul edilmegine we Krym tatarlarynyň liderleri bilen duşuşmagyna garaşylýandygy bellenildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar