TRT Halkara Media okuw seminaryna ýer eýeçiligini edýär

Okuw seminaryna 38 ýurtdan 170-e golaý media işgäri gatnaşýar

179758
TRT Halkara Media okuw seminaryna ýer eýeçiligini edýär

Halkara Media okuw seminary TRT-niń Baş müdüri Şenol Gökanyń gatnaşmagynda Antalýa welaýatynda öz işine başlady.
Okuw seminaryna 38 ýurtdan 170-e golaý media işgäri gatnaşýar.
Okuw seminarynyń çäginde dürli ýurtlaryń media işgärleri biri-biri bilen tanyşmaga pursat tapar.
TRT-niń Baş müdüri Şenol Göka seminaryń açylyş dabarasynda sözlän sözünde “Seminara gatnaşýan ýoldaşlarymyz öz ýurtlaryna gaýdyp baranlarynda biziń ilçimiz ýaly hereket ederler. İnternet mediasy we radio-telewideniýe gepleşikleri bilen birlikde habalar meselesinde biz bu ýoldaşlarymyzyń tejribelerinden peýdalanýarys. Edil şonuń ýaly biz hem olara kömek berýäris” diýdi.
Okuw seminaryna gatnaşyjylara halkara derejesinde ýörite sertifikat berler.
Seminara gatnaşyjylar TRT-niń şeýle uly okuw seminaryna geçirmegine hoşallyk bildirdi.
Okuw seminary 14-nji noýabra çenli dowam eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar