Erdogan gözleg we halas ediş işleri bilen ýakyndan tanyş boldy

Prezident Erdogan waka bilen baglanşykly derńew işiniń gozgalandygyna ünsi çekdi

174239
Erdogan gözleg we halas ediş işleri bilen ýakyndan tanyş boldy

Karaman welaýatynyń Ermenek etrabynda bolan magdan heläkçiliginde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Prezident R. T. Erdogan  Ermenek etrabyna baryp gözleg we halas ediş işleri bilen ýakyndan tanyş boldy.
Prezident Erdogan Ermenekde ilki Tebigy apatlar we adatdan daşary edarasynyń göçme merkezine bardy.
Ýolbaşçylardan gözleg işleri barada maglumat alan Prezident Erdogan magdan käniniń aşagynda galan işçileriń maşgalalary bilen duşuşdy.
Prezident R. T. Erdogan soń köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniń wekillerine beýanat berdi.
Prezident Erdogan ilki girizilen kanuny üýtgetmeleri ýatlatdy we işberenleriń käbiriniń bu ýagdaýy kabul edip bilmeýändigini nygtady.
Prezident Erdogan waka bilen baglanşykly derńew işiniń gozgalandygyna ünsi çekdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar