Kömür känini suw aldy

Türkiýäniń Karaman welaýatynyń Ermenek etrabynda hususy magdan käni suwuń aşagynda galdy

173328
Kömür känini suw aldy

Magdan käniniń içinde 20 işçi galdy. İşleriń halas edilmegi üçin tagalla edilýär.
Waka Ermenek etrabynyń Güneýýurt etrapçasyndaky kömür käninde ýüze çykdy.
Ýeriń 350 metr aşagynda ýerasty suwunyń ýarylmagy sebäpli kömür käniniń galareýalary suwuń aşagynda galdy.
Magdan känindäki heläkçilikde gaz çykýandygy sebäpli berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.
Saglygy goraýyş ministrligi 21 tizkömek ulagyny ugratdy. Şeýle-de gözleg we halas ediş toparlary iş alyp barýar.
Ministrlik şeýle-de dürli ugurlar boýunça lukmanlardan ybarat 87 adamyk topary magdan känine ugratdy.
Wakanyń bolan ýerine Karaman, Konýa, Mersin, Adana we Kütahýa welaýatlaryndan hem halas ediş toparlary ugradyldy.
Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy 20 sanysy Zonguldakdan 216 sany gözleg we halas ediş hünärmenini ugratdy.
Ankaranyń welaýat häkimligi hem wakanyń bolan ýerine 5 sany ýangyn söndüriji ulag, 25 hünärmen we 1 sany K-9 ýörite tälimli it ugradandygyny habar berdi.
Magdan käniniń aşagynda galan işçileriń halas edilmegi üçin yzgiderli iş alynyp barylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar