Üç esger şehit boldy

Türkiýäniń Hakkari welaýatynyń Ýüksekowa etrabynda söwda edýän esgerlere düýn şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan ýaragly hüjüm guraldy

171119
Üç esger şehit boldy

Hyýanatçylykly hüjümde 3 esger şehit boldy.
Polis hüjümi guranlary ele salmak üçin etrapda gińgerimli operasiýa başlatdy.
Prezident R.T.Erdogan Ýüksekowada guralan hüjümde şehit bolan üç esger üçin Baş ştabyń başlygy general Nejdet Özele duýgudaşlyk telegrammasyny ugratdy.
Erdogan telegrammasynda gynanjyny beýan edip, eziz şehitlerimiziń hossarlaryna, milletimize we Türk ýaragly güýçlerine medet beriji arzuwlaryny beýan etdi.
Mejlisiń Başlygy Jemil Çiçek hem Baş ştabyń başlygyna ugradan duýgudaşlyk ýüzlenmesinde hyýanatçylykly hüjüme gynanjyny beýan etdi.
Respublikan halk partiýasynyń başlygy Kemal Kylyçdarogly hem şehit edilen üç esger üçin Twitter arkaly gynanç ýüzlenmesini çap etdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar