Prezident Erdogan Baltika ýurtlaryna sapar gurar

Saparyň çäginde sebitara we halkara meseleler gün tertibine getirler

165212
Prezident Erdogan Baltika ýurtlaryna sapar gurar

Prezident Erdogan Baltika ýurtlaryna sapar gurar
Prezident R. T. Erdogan oktýabr aýynyň 22-23-i aralygynda Latwiýa, oktýabr aýynyň 23-24-i aralygynda hem Estoniýa sapar gurar.
Prezident Erdoganyň Baltika ýurtlaryna gurajak resmi saparynyň çäginde Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby bilen birlikde iki taraply syýasy, ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklaryň seljerilmegine garaşylýar.
Saparyň çäginde sebitara we halkara meseleler hem gün tertibine getirler.
Prezident Erdoganyň Baltika ýurtlaryna gurajak resmi sapary barasynda berlen beýanatda saparyň Türkiýäniň Baltika ýurtlary bilen edýän ýokary hyzmatdaşlygynyň görkezijisidigi nygtaldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar