Prezident Erdogan Garadeňiz sebitine iş saparyny guraýar

“Ýurdymyzda we sebitimizde terrora pursat bermeris”

153343
 Prezident  Erdogan Garadeňiz sebitine iş saparyny guraýar

Prezident Erdogan Garadeňize guraýan saparynyň ilkinji duralgasy Tabzonda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Prezident Erdogan sebitde başdan geçirilýän wakalar sebäpli Türkiýäni gury ýer hüjümlerine mejbur edýänlere ünsi çekdi we “Eger bu ýerde birlikde hereket edilmeli bolsa we biz NATO agza ýurt bolýan bolsak biziň tekliplerimizi ýagny uçuşa gadagan sebitiň we ara zolagyň döredilmegini kabul etmeli we döwlet terroryny dowam etdirýän Siriýanyň hökümetini hem nyşana almaly bolarsyňyz” diýdi.
Erdogan Türkiýäniň messebine, dinine we diline garamazdan her bir adamy goraýandygyna ünsi çekdi.
Prezident Erdogan Türkiýäniň hemişe terrora garşy berk tutum alyp barandygyny ýatlatdy.
Prezident Erdogan Trabzonda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyndan soň Rize welaýatynyň Kendirli etrabynda halka ýüzlenip çykyş etdi.
Erdogan “Ýurdymyzda we sebitimizde terrora pursat bermeris” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar