Şu gün Gurban Baýramy

Musulman äleminiń dini baýramlaryndan biri bolan Gurban baýramynyń şu gün ilkinji güni

149127
Şu gün Gurban Baýramy

Prezident R.T.Erdygan Gurban baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.
Erdogan ýüzlenmesinde Siriýada we Yrakda başdan geçirilýän wakalara ünsi çekdi we “Ýakyn sebitlerimizde gan akýarka, zulum dürli görnüşde doganlarymyza ejir çekdirýärkä Gurban baýramynyń ań-düşünjeleri aýdyńlatmagy, köńülleri ýumşatmagy, adamzada wyždany we merhemedi ýatlatmagy biziń iń uly arzuwymyz” diýdi.
Prezident Erdogan ýüzlenmesinde “Biz sebitimizde parahatçylyk, asudalk, howpsyzlyk we abadançylyk isleýäris. Sebitimizdäki ýurtlaryń hiç haýsynyń ýerinde, içeri işlerinde gözümiz ýok. Emma sebit dartgynlyklar bilen çaýkanýarka, gan we göz ýaşy sil bolup akýarka, bigünä çagalar, aýalar, adamlar köpçülikleýin gyrylýarka, millionlarça adam öýünden, ýurdundan çetleşdirilýärkä biziń bulara synçy bolup galmagymyz elbetde mümkin däl” diýdi.
“Gurban: jomartlykdyr, arkalaşykdyr, ýoksullary begendirmekdir” diýen Prezident Erdogan, baýramyń Türkiýe bilen birlikde bütin musulman älemine we bütin adamzada haýyrlar getirmegini arzuw etdi.
Türkiýäniń Mejlisiniń Başlygy Jemil Çiçek hem baýramçylyk ýüzlenmesinde parahatçylyga, doganlyga we arkalaşyga ünsi çekdi.
Çiçek “Elmydama edişimiz ýaly şu baýramda-da ýurdumyza sygynan yrakly, siriýaly doganlarymyzy ýatdan çykarmalyń. Şu baýramy hem olaryń çekýän ejiri sebäpli sözüń doly manysynda gutlap bilmeýäris” diýdi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem Gurban baýramy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde serhetdäki wakalara ünsi çekip, şatlyk we bagtyýarlyk güni bolan baýramyń gynançly garşylanandygyna ünsi çekdi.
Türkiýä sygynan 1,5 milliona golaý siriýalyny ýatladan Dawutogly; “Biz Türkiýe hökmünde bir tarapdan sebitimizde başdan geçirilýän pajyganyń ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýäris. Beýleki tarpdan bolsa içerki uruşdan zyýan çeken doganlarymyza goldaw bermäge synanşýarys. Gapymyzy, saçagymyzy, iń esasysy ýüregimizi, kalbymyzy doganlarymyza açýarys” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar