Jon Kerri Ankarada saparda boldy

"Türkiýäniň YDYD guramasy barasyndaky roly soňa galdy”

123933
 Jon Kerri Ankarada saparda boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Ankarada saparda boldy.


Kerri ilki Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy.


Yrakda başdan geçirilýän wakalara garalan duşuşykda Çawuşogly diňe haýsydyr bir messep bilen gyzyklanmagyň radikallaşmaga sebäp bolup biljekdigini nygtady.


Çawuşogly Yrakda gurlan täze hökümet, Siriýa, Kipr gepleşikleri we Liwiýada başdan geçirilýän wakalara garalar maslahatda gumanitar meselelerde hemişe kömek bermäge taýardyklaryny aýtdy.


Kerri Prezident R. T. Erdogan tarapyndan hem kabul edildi.


Erdoganyň Kerri bilen bolan duşuşygy 2 sagatdan gowrak dowam etdi.


Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen sebitara meseleler seljerildi.


Duşuşykda Türkiýe bilen ABŞ-nyň sebitdäki terror guramalaryna garşy birlikde göreşjekdikleri nygtaldy.


Erdogan bilen Kerri Siriýaly oppozisionerlere logistiki taýdan goldaw berilmegi barada hem pikir alyşdy.


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Kerri soň bolsa Premýer ministr Ahmet Dawutogly tarapyndan kabul edildi.


Jon Kerri “Roýter” habarlar gullugyna beren beýanatynda Türkiýäniň YDYD guramasyna garşy göreşdäki rolynyň heniz doly kesgitlenmändigini aýtdy.


Kerri “ABŞ bilen Türkiýe sebitdaki kynçylyklara garşy birlikde hereket eder emma Türkiýäniň YDYD guramasy barasyndaky roly soňa galdy” diýdi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar