"TRT we "Anadoly" habarlar gullugy dünýäde Türkiýä wekilçilik edýär"

Wise-premýer Ýalçyn Akdogan TRT-de myhmançylykda boldy

120038
"TRT we "Anadoly" habarlar gullugy dünýäde Türkiýä wekilçilik edýär"

Ministrler kabinetiniň täze düzüminde; TRT-den, “Anadly” habarlar gullugyndan, Metbugat we neşirýat baş müdirliginden, Metbugat bildiriş guramasyndan we Radio-telewideniýe ýokary geňeşinden jogapkär Wise-premýer hökmünde orun alan Ýalçyn Akdogan düýn TRT Habarda myhmançylykda boldy.
Gün tertiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky soraglara jogap beren Akdogan, ilki bilen öz gözegçilik edýän guramalary barada beýanat berdi. Ýalçyn Akdogan TRT we “Anadoly” habarlar gullugy barada “Diňe milli däl, eýsem halkara derejesinde iş alyp barýarlar we bütin dünýäde Türkiýä wekilçilik edýärler” diýdi.
Wise-premýer Akdogan Prezident saýlawy we Adalat we ösüş partiýasynda edilen wezipe çalşygy etabynyň üstünlikli geçendigini nygtap, Prezident bilen Premýer ministriň arasyndaky utgaşyklygyň Türkiýäni çarpaýa galdyrjakdygyny aýtdy.
Terroryň ortadan aýrylmagy üçin durmuşa geçirilýän çözgüt etaby barasynda-da durup geçen Ýalçyn Akdogan, aksiýalaryň bes edilmegi baradaky kararyň doly berjaý edilmelidigini aýtdy.
Döwletiň içinde, emma döwletiň düzgünlerine laýyk hereket etmeýän adamlar ýa-da toparlar hökmünde häsýetlendirilýän parallel struktura garşy göreşi, döwletiň basyş ediji güýçlere garşy göreşi hökmünde kesgitlän Wise-premýer Akdogan, hukuky göreşiň dowam etjekdigini nygtady.
Akdogan konstitutsiýanyň täze teksti barasynda bolsa “Bu halkyň tamasy, talaby, hökman berjaý edilmeli” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar