Prezident R. T. Erdogan ilkinji daşary ýurt saparyny Azerbaýjana gurady

Erdogan soň bolsa Bakuwdan Britaniýa gitdi

113157
Prezident R. T. Erdogan ilkinji daşary ýurt saparyny Azerbaýjana gurady

Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen duşuşdy. İki lideriň gün tertibinde sebitleýin meseleler bilen birlikde energetika pudagynda durmuşa geçiriljek taslamalar bardy.

Prezident R. T. Erdogan bilelikdäki metbugat ýygnagynda “Doganlaryň güýçlenmegi geljege umyt bilen garamagymyzy üpjün edýär” diýdi.
Azerbaýjandaky saparyndan soň NATO-nyň Britaniýada geçiriljek ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Kardiffe baran Prezident Erdogan, maslahatyň birinji gününde nobaty bilen Gürjistanyň Prezidenti Georgi Margwelaşwili, Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Petr Poroşenko, Bolgariýanyň Prezidenti Rosen Plewneliýew, Fransiýanyň Prezidenti Frasua Oland, İspaniýanyň Premýer ministri Mariano Ražoý Breý we Galleriň Şazadasy Çarles bilen ikiçäk duşuşyk geçirer.
NATO-nyň maslahatynyň dowamynda Prezident Erdogana milli goranmak ministri İsmet Ýylmaz, daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ýoldaşlyk eder.
Prezident R.T.Erdogana NATO-nyň maslahatyndan ozal bolýan myhmanhanasynda brifing beriler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar