Şu gün 30-njy awgust Ýeňiş baýramy

Ankarada geçiriljek ilkinji resmi dabara Atatürküň kümmetinde başlar

108084
Şu gün 30-njy awgust Ýeňiş baýramy


30-njy awgust, mundan 92 ýyl ozal 1922-nji ýylda Dumlypynarda Mustafa Kemal Atatürküň serkerdeliginde ýeňiş bilen tamamlanan Baş serkerdelik Meýdan söweşiniň guralan güni.
Şol gün basyp alyjy güýçleriň ýurduň serhetlerini terk etmeginden soň watanyň topraklarynyň yzyna alynan gününe wekilçilik edýän şanly gün.
İnha şol şanly senäniň 92 ýyllygy Türkiýäniň çar tarapynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.
Ankarada geçiriljek ilkinji resmi dabara Atatürküň kümmetinde başlar.
Prezident R. T. Erdogan döwlet ýolbaşçyalry bilen birlikde Atatürküň kümmetinde geçiriljek çärä gatnaşar.
Prezident Erdogan soň bolsa Çankaýa köşgünde Baş serkerde çini bilen gutlaglary kabul eder.
Atatürk medeniýet merkezinde hem Ýeňiş baýramyna bagyşlanyp çäreler geçirler.
Prezident Erdogan şu gün agşam Çankaýa köşgünde banket berer.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar