Dawutogly Osame Nujeýfini kabul etdi

Kabul edilşikde Yrakdaky sońky özgerlişikler seljerildi

91317
Dawutogly Osame Nujeýfini kabul etdi

Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Yragyń Wekiller Mejlisiniń ozalky başlygy Osame Nujeýfini kabul etdi.
Kabul edilşikde Yrakdaky sońky özgerlişikler seljerildi.
Yrakda aprel aýynda geçirlen parlament saýlawlaryndan soń hökümetiń gurulmagy baradaky işler dowam edýär we şol çäkde Yragyń Prezidenti Fuat Masum Milli şaýy hyzmatdaşlygyndan Haýdar Al Abada hökümetiń gurulmagy jogapkärçiligini berdi.
Premýer ministr Nuri Al Maliki bolsa karara nägilelik bildirdi.
Yrakda uzak wagtdan bäri dowam edýän haos Yrak Damask Yslam Döwleti atly terror guramasynyń 10-njy iýunda ýurduń ikinji uly şäheri Mosuly ele geçirmegi bilen has-da çuńlaşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar