Çiçek Ysraýylyň Gaza guraýan gury ýer hüjümlerini berk näletledi

Mejlisde wekilçilik edýän 4 syýasy partiýa hem Ysraýyly ýazgardy

133494
Çiçek Ysraýylyň Gaza guraýan gury ýer hüjümlerini berk näletledi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Jemil Çiçek Ysraýylyň Gaza guraýan gury ýer hüjümlerini berk näletledi.
Jemil Çiçek gury ýer hüjümleriniň başlamagyndan soň beren ýazmaça beýanatynda “Bu ýagdaý asla kabul edilip bilinmez. Hüjümleri berk näletleýärin. Bu adalatsyzlyga garşy her bir adamyň “besdir” diýmeginiň wagty geldi. Gysga wagtda ot açyşlyk bes edilmeli, has köp san dökülmezden mesele çözülmeli”diýdi.
Mejlisde wekilçilik edýän 4 syýasy partiýa hem Ysraýyly ýazgardy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar