Türkiýe ýaraşyk meýilnamasyny goldaýar…

Daşary işler ministrligi Ukrainada Prezident Petr Poroşenko tarapyndan yglan edilen ýaraşyk meýilnamasyny goldaýandygyny mälim etdi

103548
Türkiýe ýaraşyk meýilnamasyny goldaýar…

Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda meýilnamanyň çäginde bir hepde möhlet bilen hüjümiň bir taraply bes edilmeginiň bikanun aksiýalara baş goşýan toparlara ýaraglaryny taşlamaklary we syýasy etaba degişli bolmaklary taýdan möhüm pursat hödürleýändigi nygtalýar.
Beýanatda Ukraina bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda soňky hepdelerde ýola goýulan we düşnüşmezligiň çözülmegi netijesinde Parahatçylyk meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin hökmany bolan gönüden gepleşik etabyna hoşallyk bildirilýär.
Ministrlikden berilen beýanatda Türkiýäniň hemişelik parahatçylygyň üpjün edilmegi maksady bilen Ukrainanyň territorial bitewiligine we halkara hukugyna laýyklykda dowam etdiriljek syýasy tagallalara berilýän goldawyň dowam etjekdigi ýene-de bir gezek nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar