Premýer ministr Erdogan Olland bilen duşuşdy

Olland Premýer ministr Erdogany paýtagt Pariždäki Elize köşgünde kabul etdi

101841
Premýer ministr Erdogan Olland bilen duşuşdy

Premýer ministr R. T. Erdogan Ýewropa ýurtlaryna guraýan saparynyň ikinji duralgasy Fransiýa bardy.
Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland Premýer ministr Erdogany paýtagt Pariždäki Elize köşgünde kabul etdi.
Premýer ministr Erdogan bilen Fransiýanyň Prezidenti Olland Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby bilen baglanşykly täze barlag-seljeriş ugurlarynyň açylmagy hakynda pikir alyşdy.
Mesele barasynda berlen beýanatda Premýer ministr Erdoganyň şol çäkde 2014-nji ýylyň Türkiýe taýdan täze ÝB ýyly bolmagyna uly ähmiýet berýändiklerine aýratyn ünsi çekendigi nygtaldy.
Erdogan bilen Olland ýadro energetika we goranyş senagaty meselelerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokarlandyrylmalydygyny belledi.
Terrorçylyga garşy göreş meselesinde halkara derejesinde hyzmatdaşlyk edilmeginiň ähmiýetine ünsi çeken iki lideriň bu meselede iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we utgaşyklygyň has-da güýçlendirilmelidigini nygtandyklaryna üns çekildi.
İki lider Yrakdaky we Siriýadaky soňky wakalar we Kyrym meselesiniň başda durmagynda Ukrainadaky özgerlişikler bilen birlikde Garabag meselesiniň çözülmegi dogrusynda edilýän tagallalar hakynda pikir alyşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar