Erdogan Baýdn bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Mosulda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen türk raýatlarynyň ýagdaýy hakynda pikir alyşyldy

94120
Erdogan Baýdn bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Premýer ministr R. T. Erdogan ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdn bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon söhbetdeşliginde Mosulda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen türk raýatlarynyň ýagdaýy hakynda pikir alyşyldy.
Mesele barasynda berlen beýanata görä Baýdyn Rize welaýatyna guraýan iş saparyny dowam etdirýän Premýer ministr Erdogana telefon etdi.
Ýarym sagada golaý dowam eden telefon söhbetdeşliginde Erdogan bilen Baýdyn Yrakdaky soňky wakalar we şol ýurtda saklanýan türk raýatlarynyň ýagdaýy hakynda pikir alyşdy.
Telefon söhbetdeşliginde türk raýatlarynyň sag aman Türkiýä dolanyp gelmekleri üçin edilýän tagallalar seljerildi.
Mundan başgada Siriýadaky wakalar bilen Kipr meselesine garaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar