Türkiýe ÝP-niň saýlawlarynyň netijelerine öz aladasyny beýan etd

Türkiýe Ýewropa Parlamentiniň halk deputatlarynyň saýlawlaryny “aladalandyryjy” diýip häsýetlendirdi

76149
Türkiýe ÝP-niň saýlawlarynyň netijelerine öz aladasyny beýan etd

Daşary işler ministrligi Ýewropa Parlamentiniň saýlawlarynda aşa sagçy partiýalaryň sesleriniň artmagy barasynda ýazmaça beýanat çap etdi.
Beýanatda “2014-nji ýylyň 22-25-nji maýy aralygynda geçirilen Ýewropa Parlamentiniň saýlawlarynda daşary ýurtly duşmany, migrasiýa garşy, ÝB taslamasyna oňyn garamaýan, redikal pikirleri beýan edýän partiýalaryň kürsüleriniň sanyny artdyrmaklary bizi aladalandyrýar” diýilýär.
Ykdysady çökgünligiň täsirleriniň entegem dowam edýändigine üns çekilen beýanatda, ÝB-ne agza ýurtlara saýlawçylaryň nähilelik sesleriniň ÝB-niň düzümleri tarapyndan ýerlikli seljerilmegine, parlamentiň täze düzüminiň netijeleriniň dogry analiz edilmegine we şoňa laýyklykda degişli öňüni alyjy syýasatlaryň kesgitlenmegine garaşylýandygy nygtalýar.
Beýanatda türk parlamentarileriniň Ýewropa Parlamentiniň täze düzüminde-de orun almagyna hoşallyk bildirildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar