Türkiýäniň Ukraina berýän goldawy dowam eder

Abdulla Gül Petr Poroşenkony saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady

75152
 Türkiýäniň Ukraina berýän goldawy dowam eder

Prezident Abdulla Gül 25-nji maýda Ukrainada geçirilen saýlawyň birinji tapgyrynda prezidentlige saýlanan Petr Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Saýlawda gazanan üstünligi mynasybetli Poroşenkony gutlan Abdulla Gül, Poroşenkonyň Ukrainanyň başdan geçirýän çykgynsyzlyklaryna öňdengörüjilik we sagdyn pikirlilik bilen halkara hukugynyň çäginde çözgüt tapmak ugrundaky tagallalaryna Türkiýäniň berýän goldawynyň dowam etjekdigini aýtdy.

Poroşenko bolsa “Prezident Gül ýaly ýakyn dostuň” özüni gutlamak üçin telefon edip, goldaw bermegine hoşallyk bildirdi.

Saýlawda üstün çykan Petr Poroşenko, prezidentlige dalaşgär bolandan soň Ankara gelip, Prezident Abdulla Gülüň Krym tatarlarynyň lideri Mustafa Abduljemil Krymogluna “Respublika nyşany” ordenini gowşuran dabarasyna gatnaşypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar