"Jebislikde hereket ediň, aýrylmaň"

Dawutogly siriýaly türkmenlere “Jebislikde hereket ediň, aýrylmaň” diýip çagyryş berdi

65087
"Jebislikde hereket ediň, aýrylmaň"

Siriýa Türkmen Mejlisiniň ikinji maslahaty düýn Ankarada öz işine başlady.

Mejlisiň şu günki oturluşygynda Türkmen Mejlisiniň başlygy saýlanar.

Siriýaly oppozisionerler tarapyndan hem goldanýan Türkmen mejlisiniň maslahatyna Siriýanyň Milli Koalisiýasynyň başlygynyň başda durmagynda siriýaly oppozisionerleriň wekilleri gatnaşdy.

Maslahata Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly hem gatnaşdy.

Dawutogly maslahatda eden çykyşynda “Siriýanyň halky bu buýsançly göreşinde üstünlik gazanýança ähli taraplaýyn olara goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Dawutogly ilatynyň 3,5 milliony bosgun, 6,5 milliony bolsa öz ýurdunda ýerini üýtgetmäge mejbur bolandygyna garamazdan Siriýanyň hökümetiniň saýlaw üçin taýarlyk görmegini hem tankyt etdi.

Daşary işler ministri Dawutogly siriýaly türkmenlere “Jebislikde hereket ediň, aýrylmaň” diýip çagyryş berdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar