Jemil Çiçek Moldowanyň paýtagty Kişinewe bardy

Çiçek Türkiýe bilen Moldowanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekdi

64691
Jemil Çiçek Moldowanyň paýtagty Kişinewe bardy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Jemil Çiçek Moldowanyň paýtagty Kişinewe bardy.

Saparynyň çäginde ilki kärdeşi İgor Korman bilen duşuşan Çiçek Türkiýe bilen Moldowanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekdi.

Çiçek wizalaryň bes edilmegi bilen birlikde erkin söwda şertnamasynyň gysga wagtda güýje girmeginiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagy taýdan örän möhümdigini belledi.

Moldowanyň Prezidenti Nikolaý Timofti bilen hem duşuşan Jemil Çiçek Moldowa tabynlykdaky Gagauziýa Awtanomiýasyna hem baryp gördi.

Çemil Çiçek hristian türkleri bolan Gagauziýanyň Döwlet Baştutany Migail Formuzal tarapyndan garşylandy.

Mejlisiň başlygy Çiçek Gagauziýa Awtanomiýasynyň paýtagty Komratdaky döwlet uniwersitetiniň talyplary bilen hem duşuşdy.

Jemil Çiçek şu gün Moldowadaky saparyny tamamlap Ýewropa Ýurtlarynyň Parlamentariler Asambleýasyna gatnaşmak üçin Ruminiýanyň paýtagty Buhareste gider

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar