Türk raýat awiasiýasynyň taryhy başlangyjy…

Gurama döwrebap dik uçarlary ulanmaga başlar

61976
Türk raýat awiasiýasynyň taryhy başlangyjy…

“Airbus Helikoptersiň” 19 sany EJ 135 kysymly bejeriş we tiz kömek dik uçarlaryny tabşyrmagy bilen birlikde Türk howa guramasynyň tiz kömek dik uçarlary Gije görüş ukybyna eýe boldy.

Mundan beýläk täze tiz kömek uçarlary bilen gijelerine-de hyzmat berilip biliner.

Türkiýe, ABŞ, Germaniýa we Finlandiýa ýaly ösen ýurtlardan son hepdäniň ähli günlerinde gije-gündiz diýmän gözleg we halas ediş, tebigy apat tiz kömek hyzmatyny berýän 4-nji ýurt boldy.

Täze dik uçarlar bilen birlikde uçarmanlara-da uly jogapkärçilik düşýär.

Uçarmanlaryň ünslülilik talap edýän gijeki uçuşlaryndan 45 minut öň garaňky otagda obýektiwleri düzmekleri gerek bolar.

2D formatyndaky şekilleri görüp bilýän äýneklerde çuňlugy uçarmanlar seljermeli bolar.

Ýeňil bolmadyk operasiýalardan ozal 12 günüň dowamynda Germaniýada we Türkiýede 2 tapgyrly tälim alan uçarmanlar doly taýar.

Gije görüş özboluşlygyna eýe uçuş ukybynyň Türkiýede giňden ýaýbaňlanmagyna garaşylýar.

Bu ugur boýunça Ýewropa ýurtlarynda tälim bermek üçin taýarlyklara başlanandygy habar berildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar