Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

2124998
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Milli howpsuzlyk geňeşi terrorizme garşy göreşi ara alyp maslahatlaşdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň berilen ýazmaça beýannamada terrorizme garşy göreşe üns çekildi. Beýannamada; “Sebitimiziň geljeginde terror guramalaryna we olaryň ýaranlaryna hiç bir şertde orun berilmez” diýilýär.

“Haber Türk” gazeti “MHG-de Gazada parahatçylyk ugrundaky tagallalara goldaw çagyryşy” söz başyly habarynda, Milli howpsuzlyk geňeşiniň beýannamasynda halkara jemgyýetçiligine Gazanyň halkyna we ynsanperwer kömek guramalaryna guralýan hüjümleriň dessine bes edilmegi hem-de sebite giň gerimli ynsanperwer kömegiň ýetirilmegi bilen durnukly parahatçylyk üçin Türkiýäniň edýän tagallalaryna goldaw üçin çagyryş edilendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Eksportda ähli döwürleriň rekordy goýuldy” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň Türkiýäniň mart aýyndaky eksportunyň 22,5 milliard dollara barabar bolandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Ýanwar-mart aýlarynyň aralygyndaky döwürde edilen eksportda bolsa 63,7 milliard dollar bilen ähli döwürleriň rekordy goýuldy.

“Star” gazeti “TUSAŞ-yň täze tehnologiýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň ünsüni çekdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň goranyş senagatynyň önümlerinden “KAAN” we “HÜRŽET-de” peýdalanylýan TUSAŞ tehnologiýasynyň gonuş enjamlary bilen aşakky ulgamlarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň esasy goranyş we awiasiýa firmalarynyň ünslerini çekendigini mälim edýär. Ulgamlary öndüren “TAAJ” firmasy ilkinji daşary ýurt şertnamasyny adybir ýurt bilen baglaşdy.

“Sabah” gazeti “Stambul howa menzili Ýewropada birinji” söz başyly habarynda, Ýewropanyň uçuş howpsuzlygy guramasynyň 25-31-nji mart aralygyndaky howa gatnaw hasabatyna görä Stambul howa menzili günlük 1328 uçuş bilen Ýewropanyň in gelim-gidimli howa menzili bolandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar