Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün-tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2124495
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Türk demokratiýasyny bütin dünýä görkezdik” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň soňky bir ýyldaky üçünji saýlawyň üstünlik bilen tamamlanandygyny, demokratiýany bökdejeýiji hiç hili wakanyň ýüze çykmandygyny aýdandygyny ýazýar. Erdogan; “Milletimiz türk demokratiýasynyň kämilligini ýene-de bir gezek bütin dünýä görkezdi” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Antalýanyň 3 aýly syýahatçy kabul etme rekordy” söz başyly habarynda, 2023-nji ýylda syýahatçylyk taryhynyň iň ýokary görkezijilerine ýeten Antalýa, üstümizdäki ýylyň mart aýynda ilkinji gezek 500 müňden gowrak syýahatçynyň gelendigini mälim edýär. şol bir wagtda-da 3 aýlyk döwürde ilkinji gezek 1 million çäginden geçildi.

“Watan” gazeti “Deňiz söwdasynda rekord” söz başyly habarynda, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkiýäniň ykdysadyýetinde edilen ykdysady ösüşiň söwda pudagyna oňyn täsiriniň görülmäge başlanandygyny ýazýar. Mart aýynda Türkiýäniň deňiz portlarynda deňiz ýoly bilen gatnadylan üstaşyr ýük mukdarynyň 5,7 million tonna barabar boldy. Türkiýe dünýäniň öňdebaryjy deňizçi ýurtlaryndan birine öwrüldi.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň kripto pul biržasy “YSRYPEX” global derejede ösýär” söz başyly habarynda, ýokary depginde ösýän biržanyň dünýäniň belli kripto pul biržalarynyň hataryna goşulýandygyny mäim edýär. birža Türkiýeden soň global derejedäki ulanyjlaryna täze sanawlar we döwrebap kripto çözgütleri hödürleme strategiýasy bilen dürli sebitlerde hyzmat bermek üçin taýýarlyk görýär.

“Star” gazeti “Türkiýe-medeniýet ýoly festiwaly başlaýar” söz başyly habarynda, Türkiýe-medeniýet ýoly festiwalynyň 2024-nji ýylda-da gatnaşyjylaryna ýatdan çykmajak günleri başdan geçirtjekdigine ünsi çekýär. 13-nji aprelden 10-njy noýabra çenli 16 şäherde, 8 aýyň dowamynda geçiriljek medeniýet-sungat marafony bilen türkiýe hamala diýersiňiz festiwal yklymyny başdan geçirer. Çäreler arkaly Türkiýäniň taryhy we medeni baýlyklarynyň şöhlesinde şowhunly tejribeler başdan geçiriler.



Degişli Habarlar