Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2123970
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Metina we Gara howa operasiýasy guraldy” söz başyly habarynda, Yragyň demigazygyndaky Metina we Gara etrapçalaryna guralan harby howa operasiýasynda 6 PKK terrorçysynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Grek adalary üçin türk raýatlaryna geçelgede wyza ýeňilligi başlady” söz başyly habarynda, türk syýahatçylarynyň 10 grek adasynyň portlarynda 60 ýewro aljak wyzalary bilen şol adalarda bir hepde syýahat edip biljekdiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “İlkinji gämi labyryny taşlady” söz başyly habarynda, Russiýanyň Soçi şäherinden ýol düşen 707 ýolagçyly “Astoria Grande” atly kuriz gämisiniň Müsürden soň İzmire gelendigini mälim edýär. Gäminiň rus syýahatçylarynyň şäher merkezindäki taryhy Kemeralty bazary bilen Selçuk etrabyndaky gadymy Efes şäherine baryp görendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Awtoulag satuwlary artýar” söz başyly habarynda, Türkiýede awtoulag satuwlarynda mart aýy boýunça ähli döwürleriň rekordunyň goýulandygyny mälim edýär. Geçen aý Türkiýede 109,828 sany awtoulag we ýeňil ulag satyldy.

“Haber Türk” gazeti “Ýagyz Kaaan Erdogmuş 12 ýaşynda küştde “uly ussat” boldy” söz başyly habarynda, Grenke açyk küşt turnirinde bäsleşen Ýagyz Kaan Erdogmuşyň 12 ýaşynda “uly ussat” derejesini alandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Küşt taryhynda şol derejä eýe bolan 4-nji ýetginjek bolan Ýagyz Kaan bilen bilelikde Türkiýedäki “uly ussatlaryň” sany 16-a ýetdi.



Degişli Habarlar