Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2121266
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: PKK-ny butnamaz ýaly etdik” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň terrorizme garşy göreşde üstünlikli netijeleri alandyklaryny aýdandygyny ýazýar. Erogan: “DEAŞ diýilýän imperialist oýunjaga onsuz hem göz açdyramyzok. PKK-ny hgem serhetlerimiziň çäginde aksiýa guramajak, hereket edip bilmejek ýagdaýa getirdik” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Daşary işler ministrliginden Germaniýa çagyryş: Degişli çäreleri görüň” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Germaniýada terror guramasy PKK-nyň ýaranlarynyň Hannowerdäki Başkonsullygyna guran hüjümine reaksiýa bildirendigini ýazýar. Daşary işler ministrligi türk raýatlarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň howpsuzlygyndan nemes dolanşygynyň jogapkärdigini, Ýewropadaky türk jemagatyna meçew beriji aksiýalara ýol bermeli däldiklerini Germaniýa ýatlatdy.

“Star” gazeti “Ministr Fidan. Biz urdugymyzy saýyn PKK burça gysylýar” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň terror ýaranlarynyň Ýewropadaky işleri hakynda; “Biz urdugymyz saýyn PKK burça gysylýar. Burça gysyldygy saýyn uzak ýyllaryň dowamynda olara ýol beren ýurtlarda terrorçylykly aksiýalary guraýar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýe 117 ýurda tohum eksport edýär” söz başyly habarynda, Oba we tokaý hojalygy ministri İbrahim Ýumaklynyň Türkiýäniň tohumçylykda ilkinji 10 ýurduň hatarynda durýandygyny ngtap, dünýäniň 117 ýurduna tohum eksport edýändiklerini aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň ykdysadyýeti ösmäge dowam edýär” söz başyly habarynda, halkara kredit derejelendiriş guramasy “Standard &Pursuň” Türkiýe boýunça ösüş çaklamasyny ýokarlandyrandygyny mälim edýär. gurama Türkiýe boýunça ösüş çaklamasyny 2024-nji ýyl üçin 2,4 göterimden 3 göterime we 2025-nji ýyl üçin 2,7 göterimden 3 göterime çykarandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar